Biz barada

About

Dokma toplumy şu ýuridiki salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, Aşgabat – Türkmenbaşy ýolunyň 13-nji kilometri. Toplumyň düzümine 3 sany fabrika girýär – Egriji fabrika, Dokma fabrikasy we Boýag fabrikasy.

Dokma toplumynyň gurluşygy 2 tapgyrda amala aşyryldy. 1-nji tapgyr – nah ýüplügi we poliester bilen garylan ýüplügi öndürmek boýunça Egriji fabrika. Ol 2010-njy ýylyň oktýabrynda işe girizildi. 2-nji tapgyr – nah we garyşyk ýüplügi öndürmek boýunça Dokma we Boýag fabrikleri. Olar 2012-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi. Soňky iki fabrigiň açylmagy netijesinde Ruhabat Dokma toplumy emele geldi. Dokma toplumynyň umumy meýdany 61 348 inedördül metre deň. Iki tapgyryň gurluşyk işlerini başdan soňuna çenli «Engin Group Consorsium Limited» gurluşyk kompaniýasy (Beýik Britaniýa) alyp bardy.

Dokma toplumyň bölümlerindäki işleriň ählisi Türkmenistanyň kabul edilen kadalaryna we hukuk namalarynda laýyklykda amala aşyrylýar, bu hem degişli resminamalar, ýagny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan hasaba alnan kärhana düzgünnamasy, Kärhanalaryň we guramalaryň ählumumy döwlet registri, önümleri öndürmek boýunça şahadatnama, tehniki kadalara laýyk gelmek boýunça şahadatnama, önümleri öndürmek üçin tehniki şertler, tassyklanan döwletara standartlar, metrologiki barlaglaryň netijeleri, ölçeýji gurallaryň barlagy barada şahadatnamalar, boýaglary we himikatlary almak boýunça ygtyýarnamalar, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň atiýaçlandyryş şahadatnamalary, kepilnamalary tarapyndan tassyklanylýar.

Wezipe sanawyna we tassyklanan düzüme laýyklykda, Dokma toplumynyň düzüminde ýokarda görkezilen 3 sany fabrika, şeýle-de Marketing we üpjünçilik, Maliýe we hasap, Meýilleşdiriş-ykdysady, Önümçilik-meýilleşdiriş, Hil gözegçiligi bölümleri, Işgärler bölümi, Tehniki howpsuzlyk, Zähmet goragy we ekologiýa, Hojalyk we Gözegçi bölümleri işleýär. Energetikler, mehanikler we lukmançylyk gulluklary, şeýle-de 2 sany barlaghana, naharhana, 6 sany ambar we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy hem işleýär. Dokma toplumynyň 2018-nji ýyl boýunça işgär düzümindäki birlik sany 1276 sany adama barabar.


×